Hormatly Prezidentimiz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

13.03.2025

    Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

  Türkmenistany senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Geçen ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň her biri ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. ...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda täze, döwrebap önümçiligiň ýanyndaky meýdança geldi we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik wekilleri bar. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli mübärekleýärler. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dabaraly çäre üçin ýörite taýýarlanylan mejlisler jaýyna barýar.

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obalar, şäherler gurulýar. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan bu ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gurlup ulanmaga berilýän binalardyr desgalar milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmäge, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Biz mundan beýläk hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmegi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

  Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn belledi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça desga hem ulanmaga berler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, kärhanalarda öndürilýän gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge we kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Döwrebap kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

   Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz kärhananyň birnäçe binadyr desgadan ybarat bolup, bu ýerde 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleriniň döredilendigini belläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, şeýle-de Ahal welaýatynyň ilatyny bu möhüm desganyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýokaryk