Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

09.04.2025

  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly baýramlaryň milli senenamasynda mynasyp orun alan we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan Bütindünýä saglyk güni türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň ileri tutulýan wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Saglygyň we sportuň biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanýan döwlet Baştutanymyz dürli sport çärelerine gatnaşyp, hemmelere görelde bolýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreleri guramak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

  Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň tebigy gözelliklerini gorap saklamak babatda alnyp barylýan netijeli işler esasynda bu ajaýyp künjekde jana şypaly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi bu özboluşly pyýada ýodasyny paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň işjeň dynç almak üçin iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwürdi. Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

  Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä gatnaşýarlar.

  Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary taýýarlapdyrlar. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar. ...Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda baýramçylyk günlerinde dürli durmuş, ekologik taslamalary we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem her ýylda guralýan şeýle ýörişlere gatnaşýan ýaşlaryň, şol sanda uly ýaşly adamlaryň sany barha artýar.

  Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.

  Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

  Soňra hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.

  Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynsanperwer gymmatlyklara, durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, saýlap alan döredijilik ýoluna ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. 

Ýokaryk