Türkmenistanda 7 aýyň jemleri boýunça maslahatlar geçirildi
29.07.2025Düýn Türkmenistanyň durmuş-ykdysady düzümlerini dolandyryş toplumlarynda 2025-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, maslahatlarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hem ara alnyp maslahatlaşylmak bilen, Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna garaldy hem-de ýurdy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle maslahatlar Türkmenistanyň welaýatlarynyň häkimliklerinde hem geçirildi.