Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisindäki çykyşy

13.03.2024

Hormatly aksakgallar!

Size şu günki mejlise gatnaşmaga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu ýerde türki halklaryň hormat-sarpaly, akyl-paýhasly, mynasyp wekillerini görýäris. Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aksakgallar geňeşiniň geçen gezekki mejlisinde ençeme möhüm teklipler, şol sanda geňeşiň nobatdaky 15-nji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Türkmenistanda bu teklip ruhubelentlik we uly jogapkärçilik bilen garşylanyldy. Men Aksakgallar geňeşiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Geňeş türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berýär. Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet derejesinde oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çözgütleriň kabul edilmegine, içerki we halkara durmuşyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge ýardam edýär. Ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olara dogry ýoly salgy bermekde bu geňeşiň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr. Biziň işimiz türki halklaryň agzybirliginiň, doganlygynyň we özara goldawynyň synmaz daýançlarynyň biri bolup, häzirki döwürde bu aýratyn möhümdir. Umuman, men Aksakgallar geňeşiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň jemgyýetçilik, durmuş-ynsanperwer, medeni ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülmelidigine ynanýaryn. Ol döwlet derejesinde gazanylan çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermelidir. Guramanyň halkara ynsanperwer gatnaşyklaryna goldaw berip, halk diplomatiýasyna işjeň gatnaşmalydyr. Şu babatda öňümizde uly wezipeler, bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikler bar. Şu gün men Türkmenistanyň bu geňeşiň çäginde ýakyndan işleşmegi berk maksat edinýändigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Biz çäreleri meýilleşdirmäge we guramaga işjeň gatnaşarys, Aksakgallar geňeşiniň abraýyny hem-de ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bereris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Meniň ozal hem belleýşim ýaly, häzirki ýönekeý bolmadyk halkara şertlerde türki döwletleriň agzybirligi we raýdaşlygy örän möhümdir. Şunda halklarymyzyň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şu düşünjeler ähli bilelikdäki taslamalaryň hem-de başlangyçlaryň esasynda durmalydyr. Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň, şol sanda onuň möhüm halkara soraglar boýunça umumy strategiýasy kesgitleýji häsiýete eýe bolmalydyr. Türki döwletleriň ysnyşykly, netijeli hyzmatdaşlygy olaryň ykdysady ösüşiniň, hal-ýagdaýynyň, bäsdeşlige ukyply bolmagynyň möhüm şertidir. Biziň öz gatnaşyklarymyzy häzirki döwrüň talaplary esasynda ýola goýmak bilen, umumy ösüş binýadymyza esaslanmagymyz möhümdir. Biz köpasyrlyk oňyn tejribä daýanyp, taryhy dowamatlylygy üpjün edýäris we ol öz netijelerini hem berýär. Häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň hyzmatyny we ornuny dikeltmek zerurdyr. Şoňa düşünip, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga yzygiderli we uzak möhletli häsiýet bermegiň, geljegi uly ugurlara aýratyn üns bermegiň zerurdygyna esaslanýar. Şol ugurlaryň biri energetika bolup durýar. Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmegi möhüm hasaplaýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini üpjün eder. Iri energiýa öndüriji döwletleriň biri bolan Türkmenistan doganlyk ýurtlara energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär. Bu döwletleriň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar. Şeýle-de biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar. Biz energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyrys. Geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip bolar. Şonda türki döwletler geografik taýdan ýakynlygyndan, serişde kuwwatyndan, eltmegiň mümkinçiliklerinden doly möçberde peýdalanyp bilerler. Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Biz bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmelidiris. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir. «Türki guşak» köp asyrlar mundan ozal adamzadyň ösüşine ägirt uly oňyn täsirini ýetirdi. Ol Gündogar we Günbatar medeniýetleriniň ösüşini geografik taýdan baglanyşdyryp, dürli ugurlarda bilimleriň, gazanylan üstünlikleriň giňden alşylýan ýeri boldy. Ýüzýyllyklara çeken bu iş taryhy ykbaly, köplenç, türki dünýä goňşulygy bilen kesgitlenen onlarça halky hem-de döwletleri öz içine aldy. Meniň pikirimçe, häzir gürrüň türki halklaryň bu beýik taryhy wezipesi barada gaýtadan oýlanmak we oňa uýgunlaşmak hakynda barmalydyr. Şonuň üsti bilen Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurluşyny döretmeli. Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işe durnukly hem-de yzygiderli häsiýet bermeli.

Hormatly aksakgallar!

Ynsanperwerlik biziň geňeşdäki işimiziň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň halklarymyz diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gatnaşyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris. Däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan, borja ygrarlylygymyzdan el çekmeýäris. Häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere tejribämizi, müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasymyzy geçirmek hem möhümdir. Ýaşlarda geçmişimize söýgi döretmek, olary halkyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr. Men şunda biziň geňeşimiziň işiniň esasy wezipeleriniň birini, bu ugurda döwlet tagallalary üçin daýanç hökmünde onuň ornuny görýärin. Bilşiňiz ýaly, şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu sene türki döwletlerde hem giňden bellenilip geçiler. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Magtymguly diňe bir türkmen milletiniň buýsanjy däldir. Ol ähli türki dünýäniň guwanjydyr, biziň halklarymyza mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň we edermenligiň nusgasydyr. Magtymguly hut şu häsiýetleri wasp edip, halklarymyzyň beýikligi hem-de gülläp ösmegi barada arzuw edipdir. Bu gün biz onuň kesgitlän ýoly bilen bilelikde öňe barýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Gadyrly ýaşulular!

Mejlisiň dowamynda biz Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdyk, köp sanly täzeçil garaýyşlary we anyk başlangyçlary beýan etdik. Hususan-da, häzirki zaman jemgyýetindäki çylşyrymly ösüş meýilleri göz öňünde tutulanda, türki halklaryň arasynda ýokary ahlagy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, edep-ekramy we sylag-hormaty wagyz etmek hem-de mynasyp ýaş nesli kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.

Gadyrly dostlar!

Şu gün biz doganlyk türki halklarymyzyň gülläp ösmegine we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegine ýardam berjek wezipeleri geňeşmek maksady bilen, şu ýere jem bolduk. Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň dowamynda beýan eden maslahatlarymyzyň we kabul eden çözgütlerimiziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmakda, Türki Döwletleriň Guramasynyň ösüş ugruny kesgitlemekde hökman ulanyljakdygyna berk ynanýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýokaryk