Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar

02.05.2024

   Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar geçen hepdäniň wakalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu günki gün şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak, bugdaý, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda degişli ideg işlerini ýerine ýetirmek, pile möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy. 24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasatynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigini belläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny, hususan-da, ýaňy-ýakynda kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany goldandygy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler söwda, nebitgaz, oba hojalygy, täze tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de howanyň üýtgemegi, “ýaşyl” ösüş bilen bagly meseleler boýunça özara hereketler üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy. 25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dürli pudaklara, şol sanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Pensiýa gaznasyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, oba hojalyk pudagynda degişli işleriň geçirilmegi, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze bilim edaralarynyň gurluşyk işleri mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Maý aýynda milli senenamamyzdaky baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň guramaçylyk ýagdaýy barada hem habar berildi. Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlary we ähli watandaşlarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzda atçylygy dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda geljekde-de ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. 27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan bedewler sowgat berildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyza Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň, şäheriň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanak sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda doglan bu taýçanaga Ylham diýip at goýdy hem-de gadymdan gelýän asylly däbe eýerip, onuň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Döwlet Baştutanymyz dabaralara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde özüne sowgat berlen bedewleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna hem-de talyplaryna peşgeş edýändigini aýtdy. “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şol günki dabaralaryň iň ajaýyp pursatlarynyň biri boldy. «2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Gadymy atly mele at mynasyp boldy. Ýeňijä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Toyota Highlander” kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy. Bedewleriň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan sylaglara mynasyp boldular. Soňra Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna “akylly” şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze öýleriň açarlary sowgat hökmünde gowşuryldy. 28-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bu ajaýyp baýramyň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiziň Tatarystanyň Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky işjeň özara gatnaşyklar aýratyn bellenildi. Toplumyň çägi gadymy türkmen obasyny ýatladyp, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu ýerde halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Estrada aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň çykyşlary, ussat pälwanlaryň göreşi dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Iki sagatdan gowrak dowam eden dürli aralyklara at çapyşyklary şol günki baýramçylyk dabarasynyň esasy bezegi boldy. Onda bedewler öz ýyndamlygyny, ýüwrükligini görkezdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrundaky jemleýji, ýedinji çapyşyk örän çekeleşikli geçdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan at çapyşyklarynyň, şeýle hem uzak aralyga geçirilen atly ýörişiň, konkur boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberde pul baýraklary gowşuryldy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirip, ýurtlarymyzy iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyklaryna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Daglyk ýerleriň gözel künjegine gezelenjiň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň çar künjeginde giňden ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, atşynaslary, seýisleri sylaglamak çäreleri geçirildi. Bu şanly sene mynasybetli dabaralaryň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Forumyň gün tertibine assosiasiýanyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri, oňa täze agzalary kabul etmek bilen bagly meseleler girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri, çeken halal zähmeti üçin tapawutlanan raýatlara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Çykyşlarda behişdi bedewleriň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydygy aýratyn bellenildi. Dünýäniň atçylyk sungatynyň kemala gelmeginde bu tohum atlaryň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen ýeri bolan gadymy Ahal topragyna uly orun degişlidir. Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän milli atşynaslarymyz behişdi bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, naýbaşy atlaryň baş sanyny artdyrmak babatda uly işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Olarda ahalteke bedewleriniň nesil ugruny dowam etdirmek üçin hemme zerur şertler döredilendir. Şeýle hem däp bolan at üstündäki milli oýunlar we atly sport görnüşleri ösdürilýär. Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda geçen ýyl işlenip taýýarlanylan strategik hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” ähmiýeti bellenildi. Ol energetikada, himiýa senagatynda, oba hojalyk pudagynda, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesinde, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ugurlar boýunça taslamalary özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de türkmen bazaryna täze maýa goýumlary çekmek üçin geljekde-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy. Onuň dowamynda parasatly ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti, nesilden-nesle geçirilip gelinýän deňi-taýy bolmadyk atçylyk sungaty netijesinde döredilen ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary barada pikir alşyldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze belentliklerine çykandygy, onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ugurlaryny öz içine alýandygy, şunda atçylyk pudagyna möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň köpugurly stadionynda türgenleşik geçýän “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz futbolçylaryň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, döwletimiziň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk meselelerine bagyşlanyp guralan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisini geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu jemgyýetçilik-syýasy çäre 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellenildi. Geçen hepdede Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy, Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraldy. Döredijilik çäresiniň çäklerinde medeniýet we sungat işgärleriniň konserti, türkmen lybaslarynyň görkezilişi boldy. Şeýle-de Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň işiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we “Pyragydan ruhlanan ussat” atly maslahat guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Aýhan Hajyýewiň kärdeşleri, şägirtleri, suratkeşler, ýurdumyzyň sungat ugruna ýöriteleşen bilim edaralarynyň talyplary, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Täjigistandan myhmanlar gatnaşdylar. Çykyşlarda ussat suratkeşiň türkmen nusgawy edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň keşbine degişli birnäçe çeperçilik eserlerini döredendigi bellenildi. Aýhan Hajyýew Döwletmämmet Azadynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Seýdiniň kanoniki portretlerini hem döredipdir. Onuň eserleriniň hatarynda döwürdeş şahsyýetleriniň, ýagny artistleriň, suratkeşleriň, zähmetkeş adamlaryň, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň portretleriniň uly toplumy bar. Suratkeşleriň medeni gatnaşyklary, geçen asyryň 50 — 80-nji ýyllarynyň şekillendiriş sungatynyň çeperçilik akymlarynyň umumylygy, Merkezi Aziýa sebitinde şekillendiriş sungatynyň milli mekdepleriniň kemala gelşi barada hem aýdyldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de ähmiýet berilýän Aýhan Hajyýewiň döredijiligi geljekde hemmetaraplaýyn öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, gündogarşynaslar, tanymal professorlar, ýaş alymlar, Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, RF-niň Tatarystan Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bilermenler gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde myhmanlar Amul şäherine hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Çykyşlarda Türkmenistanda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şöhratly geçmişimiziň ýadygärlikleri bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen, halkymyzyň ruhy we taryhy tejribesini, türkmen döwletliliginiň möhüm döwürlerini açyp görkezýär. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça alnyp barylýan işleri doly goldaýandyklaryny nygtadylar. Ýurdumyz bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlyk etmek, maglumatlary alyşmak ýaly wajyp meselelere-de üns çekildi. Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, medeni-ruhy mirasyny gorap saklamak boýunça alyp barýan köpugurly işleriniň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

Ýokaryk